Güýje girýär: 2025-nji ýylyň 9-nji aprel
Samsung Electronics Co., Ltd. (“Samsung”) şahsy gizlinligiň öz müşderileri, olaryň işgärleri we hyzmatdaşlary üçin nähili möhümdigini bilýär, biz maglumatlaryňyzy nähili ýygnaýandygymyz, ulanýandygymyz, aýan edýändigimiz, geçirýändigimiz we saklaýandygymyz barada aç-açan bolmaga tagalla edýäris. Bu Gizlinlik syýasatynda Samsung Knox hyzmatlarynyň (“Biznes hyzmatlary”) üsti bilen ýygnalan şahsy maglumatlara degişlilikde maglumat amallarymyza umumy syn berilýär.
Biznes hyzmatlaryna degişlilikde şahsy maglumatlar babatdaky amallarymyzdaky üýtgeşmeleri ýa-da ulanylýan kanunçylykdaky üýtgeşmeleri öz içine almagy üçin şu Gizlinlik syýasatyna belli döwürlerde täzelemeleriň girizilmegi mümkin. Şu Gizlinlik syýasatynyň iň ýokarsynda onuň iň soňky täzelenen wagtyny görkezeris. Gizlinlik syýasatyna täzeleme girizen ýagdaýymyzda, haýsysy ýerlikli bolsa, Biznes hyzmatlarynda bildiriş goýmak ýa-da size e-poçta ibermek arkaly möhüm diýip hasaplaýan üýtgeşmelerimizi size öňünden habar bereris.
Siz hakda haýsy maglumatlary ýygnaýarys?
Biznes hyzmatlary bilen baglylykda şahsy maglumatlaryň dürli görnüşlerini ýygnap bileris.
Biznes hyzmatlaryny we siziň bize iberýän ýa-da gowşurýan aragatnaşyklaryňyzy tanamak hem-de olardaky säwlikleri anyklamak üçin enjamyň identifikatorlary (mysal üçin, IMEI, seriýa belgisi), enjamyň programma üpjünçiliginiň wersiýasy, operasiýa ulgamynyň wersiýasy, enjamyň modelleri, programma toplumynyň ady, programma žurnallary ýaly enjamyňyz we programmalaryňyz barada jikme-jiklikleri hem goşmak bilen siziň berýän şahsy maglumatlaryňyzy ýygnarys;
Ulanan wagtyňyzy we ulanyşyň dowamlylygyny hem goşmak bilen Biznes hyzmatlaryny ulanyşyňyz barada maglumatlary; we enjamyňyzyň sazlamalary barada maglumatlary ýygnap bileris;
Siziň ýa-da iş berijiňiziň satyn alan ýa-da edinen önümleri we hyzmatlary barada maglumatlary hem-de töleg maglumatlaryny we geleşik bilen baglylykda berlen beýleki maglumatlary ýygnap bileris;
Şeýle hem, iş berijiňizden ýa-da hyzmat üpjün edijiňizden ýa-da köpçülige we täjirçilik taýdan elýeterli çeşmelerden (kanun tarapyndan rugsat berlişi ýaly) siz barada şahsy maglumatlary alyp bileris, bu maglumatlary sizden ýa-da siz hakda alýan beýleki maglumatlarymyz bilen birleşdirip bileris.
Maglumatlaryňyzy nädip ulanýarys?
Ýygnaýan maglumatlarymyzy şu maksatlar bilen ulanyp bileris:
Biznes hyzmatlaryny üpjün etmek we sizi ýa-da enjamyňyzy bellige almak ýa-da hakykylygyny barlamak;
soraglaryňyza ýa-da maglumat almak barada talaplaryňyza jogap bermek;
hereket edýän kanunçylygyň talap edýän ýagdaýlarynda siziň razylygyňyza tabynlykda täze önümler we hyzmatlar barada size maglumat bermek;
bazarymyza, müşderilerimize, önümlerimize we hyzmatlarymyza baha bermek hem-de olary seljermek (önümlerimiz we hyzmatlarymyz barada pikiriňizi soramagy hem-de müşderi pikir soraşmalaryny geçirmegi hem goşmak bilen);
Biznes hyzmatlaryny gowulap hem-de täze önümleri we hyzmatlary işläp düzüp bilmegimiz üçin kompaniýalaryň şol hyzmatlary nähili ulanýandygyna düşünmek;
Biznes hyzmatlarynda abatlaýyş hyzmatlaryny üpjün etmek we olarda howpsuzlygyň ýeterlik derejesini gorap saklamak;
Samsung-yň ýa-da islendik degişli golçur kärhanalarymyzyň, işewür hyzmatdaşlarymyzyň, işgärlerimiziň ýa-da müşderilerimiziň hukuklaryny, emlägini ýa-da howpsuzlygyny goramak, mysal üçin, kazyýet işlerinde, içerki derňewlerde we ygtyýarly edaralar tarapyndan geçirilýän derňewlerde;
siziň razylygyňyz bilen ýa-da maglumatyňyz ýygnalan wagty beýan edilişi ýaly başga görnüşde.
Biznes hyzmatlarynyň üsti bilen wagtyň dowamynda we enjamlaryň arasynda birikdirilen enjamlaryňyz, programmalaryňyz we beýleki onlaýn funksiýalar hem-de hyzmatlar barada şahsy maglumatlary ýygnap bileris. Biznes hyzmatlarynda Google Analytics ýaly üçünji tarap seljerme hyzmatlaryndan peýdalanyp bileris. Bu seljerme hyzmatlaryny dolandyrýan hyzmat üpjün edijiler Biznes hyzmatlaryny ulanyşyňyzy seljermegimize we Biznes hyzmatlaryny gowulamagymyza kömek edýär. Alan maglumatlarymyz şu üpjün edijilere aýan edilmegi ýa-da olar tarapyndan we beýleki degişli üçünji taraplar tarapyndan gönümel ýygnalmagy mümkin, olar maglumatlary, mysal üçin, Biznes hyzmatlarynyň ulanylyşyna baha bermek, Biznes hyzmatlaryny dolandyrmaga kömek etmek we tehniki meseleleri anyklamak üçin ulanýar. Google Analytics barada goşmaça maglumat üçin http://www.google.com/analytics/learn/privacy.html we https://www.google.com/policies/privacy/partners/ girip görüň.
Maglumatyňyzy kime aýan edýäris?
Biz maglumatlaryňyzy kärhanamyzyň içinde we indiki edara görnüşli taraplara mälim ederis, ýöne ol diňe ýokardaky maksatlar üçin bolar.
Samsung golçur kärhanalary;
talap edilýän önümleri we hyzmatlary size üpjün etmek üçin zerur bolanynda üçünji taraplar. Mysal üçin, talap eden amallaryňyzy işlemek üçin töleg maglumatlaryňyzy ýagdaýa görä maliýe guramalaryna mälim edip bileris;
hasap-faktura prosesinde bize kömek edýän kompaniýalar ýaly biziň üçin ýa-da biziň adymyzdan hyzmatlary üpjün edýän kompaniýalar;
beýleki taraplar: (i) kanuny berjaý etmek ýa-da hökmany kazyýet işine jogap bermek üçin (gözleg karary ýa-da kazyýetiň beýleki karary ýaly); (ii) Biznes hyzmatlarymyzy dolandyrýan syýasatlarymyzyň berjaý edilişini anyklamak ýa-da olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin; (iii) Samsung-yň ýa-da islendik degişli golçur kärhanalarymyzyň, işewür hyzmatdaşlarymyzyň ýa-da müşderilerimiziň hukuklaryny, emlägini ýa-da howpsuzlygyny goramak üçin; (iv) kompaniýalaryň birleşen ýa-da eýeçiligi başgasyna geçen ýagdaýynda ýa-da tölege ukypsyzlyk sebäpli batan ýagdaýynda;
şeýle paýlaşmaga razylyk bereniňizde ýa-da paýlaşmagymyzy soranyňyzda başga üçünji taraplar bilen.
Maglumatlaryňyzy howpsuz saklamak üçin näme edýäris?
Biznes hyzmatlary bilen baglylykda ýygnaýan maglumatlarymyzyň howpsuzlygyny goramak üçin makul fiziki we tehniki çäreleri durmuşa geçirdik. Muňa garamazdan, maglumatlaryňyzy goramak üçin göwnejaý işleri geçiren-de bolsak, hiç bir websaýtyň, Internet arkaly geçirimiň, kompýuter ulgamynyň ýa-da simsiz birikmäniň doly howpsuz bolmaýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.
Maglumatlaryňyzy nirä geçirýäris?
Biznes hyzmatlaryny ulanmagyňyz ýa-da olara gatnaşmagyňyz maglumatlaryňyzyň şu syýasata laýyklykda siziň ýaşaýan ýurduňyzdan daşyna geçirilmegini, şeýle ýurtlarda saklanylmagyny we işlenilmegini öz içine alyp biler. Maglumatlaryňyzyň geçirilmegi mümkin bolan ýurtlaryň maglumat goragy boýunça kanunçylygynyň we beýleki kanunlarynyň siziň ýurduňyzdaky ýaly giň gerimli bolman bilýändigini ýatda saklaň. Biziň şahsy maglumatlaryňyzyň goragly durmagyny üpjün etmek üçin degişli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreleri geçireris.
Hukuklaryňyz näme?
Käbir ýurisdiksiýalaryň kanunlaryna laýyklykda, siz barada ýygnan maglumatlarymyzyň jikme-jikliklerini talap etmäge, siz barada ýygnalan maglumatlaryň pozulmagyny we şol maglumatlardaky ýalňyşlyklaryň düzedilmegini talap etmäge hukugyňyz bar bolup biler. Esassyz gaýtalanýan, ummasyz tehniki tagallany talap edýän, başgalaryň şahsy gizlinligine howp abandyrýan, mysal üçin, ýerine ýetirilmegi çendenaşa kyn ýa-da ýerli kanunçylyk tarapyndan girilmegi başga görnüşde talap edilmeýän talaplaryň işlenilmegini ret edip bileris.
Şahsy maglumatlaryň pozulmagyny talap etseňiz, Biznes hyzmatlaryna girip ýa-da olary ulanyp bilmezligiňiziň mümkindigini we galyndy şahsy maglumatlaryň Samsung-yň ýazgylarynda we arhiwlerinde belli bir wagt boýunça galmaga dowam edip biljekdigini kabul edýärsiňiz, emma Samsung şol maglumatlary täjirçilik maksatly ulanmaz. Pozmak barada talabyňyza garamazdan, Samsung Ulanyş şertlerini bozandygyňyz sebäpli, Samsung-yň ýa-da islendik degişli golçur kärhanamyzyň, işewür hyzmatdaşlarymyzyň, işgärlerimiziň ýa-da müşderilerimiziň hukuklaryny, emlägini ýa-da howpsuzlygyny goramak üçin Samsung siziň websaýta girişiňizi togtadan, çäklendiren ýa-da ýatyran bolsa, Samsung-yň siziň şahsy maglumatlaryňyzy ýa-da olaryň dahylly bölegini saklamaga hukugynyň bardygyny kabul edýärsiňiz.
Ileri tutulýanlaryňyzy täzelemek, bizden alýan aragatnaşyklaryňyzy çäklendirmek ýa-da talap ibermek üçin aşakdaky Habarlaşmak bölüminde görkezilişi ýaly bize ýüz tutuň.
Biznes hyzmatlary önümler, hyzmatlar we höweslendirmeler barada belli maglumatlaryň hem-de aragatnaşyklaryň pozulmagyny teklip edip biler. Biznes hyzmatyny ulananyňyzda size elýeter bolmagy mümkin saýlawlar barada öwrenmek üçin sazlamalara girip bilersiňiz.
Maglumatlaryňyzy näçe wagt saklaýarys?
Siz barada maglumatlaryň diňe olaryň ýygnalan maksady üçin zerur boljak möhleti boýunça ýa-da degişli kanunçylykda talap edilişi ýaly saklanylmagyny kepillendirmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirýäris.
Hyzmatlarymyzdaky üçünji tarap baglanyşyklary we önümleri
Biznes hyzmatlarymyz biziň gözegçiligimizde bolmadyk üçüni tarap websaýtlaryna we hyzmatlaryna baglanyşyk berip biler. Websaýtlar ýa-da başga hyzmatlar tarapyndan ýygnalan islendik maglumatyň howpsuzlygy ýa-da gizlinligi üçin jogapkärçilik çekmeýäris. Seresap bolmaly we ulanýan üçünji tarap websaýtlaryňyza hem-de hyzmatlaryňyza degişli gizlinlik beýannamalaryny gözden geçirmeli.
Kukiler, maýaklar we şoňa meňzeş tehnologiýalar
Biz, şeýle hem Biznes hyzmatlarymyzda mazmuny, mahabatlary ýa-da başga funksiýalary üpjün edýän belli üçünji taraplar Biznes hyzmatlarymyzyň belli ýerlerinde maýaklary ulanyp bileris.
Maýaklar
Biz belli üçünji taraplar bilen bir hatarda enjamyňyzdan serwere maglumatlary ýetirýän maýaklar (ýa-da “pikseller”) diýilýän tehnologiýalary hem ulanyp bileris. Maýaklary onlaýn materiallara, wideolara we e-poçtalara ornaşdyryp bolýar we olar serweriň enjamyňyzdaky käbir maglumat görnüşlerini okamagyna, belli bir materialy ýa-da e-poçta hatyny gören wagtyňyzy bilmegine we maýagy gören wagtyňyzy we senäňizi, şeýle hem enjamyňyzyň IP belgisini anyklamagyna mümkinçilik berýär. Biz we belli üçünji taraplar maýaklary Biznes hyzmatlarymyzyň ulanylyşyny seljermegi hem goşmak bilen dürli maksatlar üçin ulanýarys.
Biznes hyzmatlarymyza girmek we olary ulanmak bilen maýaklaryň we beýleki maglumatlaryň enjamyňyzda saklanylmagyna razylyk berýärsiňiz. Şeýle hem, maýaklara we maglumatlara biziň we ýokarda agzalan üçünji taraplaryň girmegine razylyk berýärsiňiz.
Habarlaşmak
Bu syýasat bilen baglanyşykly islendik soraglaryňyz bar bolsa, şu salgy arkaly bize ýüz tutuň: dataprivacy@samsungknox.com